Dil — milletiň baýlygy
26.01.21 - 19:42

Ýurdumyzda beýik Garaşsyzlygymyz gazanylandan soň mukaddes ene dilimiziň, şol sanda daşary ýurt dilleriniň öwrenilişiniň gerimi has giňedi. Dil — bu gymmaty egsilmeýän, özboluşly aýratynlyklary, dil birlikleri bilen hemişe üsti ýetirilýän milletiň hazynasy. Döwlet, ilkinji nobatda, öz diliniň üsti bilen ykrar edilýär. Garaşsyzlygyny gazanan halk, ilki bilen, diline eýe çykýar we oňa döwlet dili derejesini berýär.


1600fe3a698fc1.png
Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur
26.01.21 - 19:40

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesi — her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni türkmeniň watansöýüjiliginiň, mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň mertebe baýramyna öwrüldi. Watan goragçylarynyň güni döwletimiziň Garaşsyzlygyny, parahat durmuşyny, çäk bitewüligini gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň we çäksiz hormatyň aýdyň subutnamasydyr.


1600fe31367d49.png
Gatlak basyşynyň täsiri
26.01.21 - 19:38

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamada täze nebit we gaz ýataklaryny gözläp tapmak we özleşdirmek hem-de öň bar ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, bu pudagyň çig mal binýadyny berkitmek esasy meseleler bolup durýar.


1600fe2614f3d9.png
Täze tehnologiýalary özleşdirýärler
26.01.21 - 19:35

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda-da önümçilige ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalardan doly baş çykarýan işçi hünärmenleri taýýarlamaklygy baş wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar.


1600fe1e6d762d.png
Türkmenistan dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
26.01.21 - 19:33

Türkmenistan şu günlerde ýene-de dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň, şeýle hem köpsanly internet-saýtlaryň täzeliklerdir habarlarynda köp agzalýan geografik atlaryň birine öwrüldi. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewür toparlarynyň ünsi jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolan şanly wakalara — ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi


1600fe13a1afea.jpeg
Hazar — dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi
26.01.21 - 19:30

Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu çärä göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdylar.


16006a78ae3044.png
Dünýä uzaýan ýollar
19.01.21 - 19:34

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ulag ulgamy boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak Türkmenistanyň öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň biri bolup durýar. Çünki häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ählumumy durnukly ösüşiň esasy şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ählumumy hojalyk gatnaşyklarynyň netijeliligine gös-göni täsir edýän bu ulgam dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir.


16006a704b8110.png
Has çuň gatlaklara aralaşylýar
19.01.21 - 19:31

«Türkmennebit» döwlet konserni ýurduň ykdysadyýetinde iri önümçilik-hojalyk toplumy bolup, ol nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirmek we olary özleşdirmek işlerini alyp barmak bilen, pudagyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini üpjün edýär.


16006a696575cf.png
Arkadagymyz Malaýda gaz gysyjy desgany işe girizdi
19.01.21 - 19:29

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 15-nji ýanwarynda nebitgaz toplumynyň möhüm desgasynyň — «Malaý» gaz känindäki gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şu taryhy wakadan bir gün ozal hormatly Prezidentimiziň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmaklarynda birbada üç desga — Akina — Andhoý demir ýoly, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamy hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.


15ffd728517ea0.png
Nebit çykarylyşynda döwürleýin gazlift usuly
12.01.21 - 19:57

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit çykaryjy kärhanalarynda mehanizmleşen usullaryň biri bolan gazlift usulynyň tehnologik ulanyş aýratynlyklaryna baglylykda we wagtyň geçmegi bilen guýularyň önüminiň azalmagy tebigy ýagdaýdyr. Nebitli ýataklaryň işlenmeginiň soňky tapgyrynda guýularyň gatlaklarynyň basyşynyň peselmegi, olaryň kuwwatynyň gaçmagy netijesinde göteriji turbalarda suwuklygyň (nebitiň) dinamiki derejeleriniň aşak gaçmagy we beýleki geologik-tehniki faktorlaryň täsir etmegi munuň aýdyň mysalydyr.


15ffd71fb40517.png
Işleriň netijeliligi ýokarlanýar
12.01.21 - 19:55

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna ynamly gadam basdylar. Zawodyň başlygy Annatagan AMANOW bitirilen işler, 2021-nji ýylda öňde duran belent wezipeler barada gazetimiziň Balkan welaýaty boýunça habarçysyna şeýle gürrüň berdi:


15ffd7154e19ae.png
Maksatlary myrat tapar
12.01.21 - 19:52

Tamamlanan ýyly uly üstünliklere besläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan täze ýyla ynam bilen gadam basanlaryň arasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Demirgazyk Balguýy liniýa önümçilik böleginiň başarjaň işgärleri hem bar.


15ffd70b72bb57.png
Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi 11 ýyl üstünlikli işleýär
12.01.21 - 19:49

Howanyň sowamagy bilen Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberi artdy, täze ýylyň ilkinji günlerinde ol ilkinji gezek bir gije-gündiziň dowamynda 100 million kubmetre barabar boldy. Ozalkysy ýaly, «mawy ýangyjyň» esasy möçberi döwletara energetika ulgamyna Türkmenistanyň gaz känlerinden gelip gowuşýar.


15ff42e4b1ec86.png
Kalby joşgunly sürüji
05.01.21 - 19:15

— Asuda asmanyň astynda parahat ýaşamak, zähmet çekmek, onuň rehnedini görmek aňrybaş bagtyýarlykdyr. Bize şeýle synmaz bagty Gahryman Arkadagymyz berdi. Ömrümiň şeýle ajaýyp döwre gabat gelendigine guwanmak guwanýaryn, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna zähmet çekip armaýaryn — diýip, Kurbandurdy Mämiýew gürrüň berýär.


15ff42dbb6ae21.png
Guýulary abatlamagyň kämilleşdirilen tilsimaty
05.01.21 - 19:13

Guýular uzak wagtlap ulanyşda bolanlarynda dürli sebäplere görä, olaryň iş sütünlerinde şikes (defekt) emele gelýär. Şeýle şikesleri bejermek üçin guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmekligiň zerurlygy ýüze çykýar.