2021-nji ýylda gepleşikler dowam etdiriler
17.11.20 - 20:31Energetika Hartiýasyna Şertnamany (EHŞ) döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara gepleşikleriniň üçünji tapgyry tamamlandy, olar Brýusselde (Belgiýa) Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty tarapyndan wideokonferensiýalar görnüşinde geçirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, gepleşiklere EHŞ-niň agza ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň hem-de beýleki birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Işeňňir işde belli
17.11.20 - 20:18Şu günler her bir zähmet adamy, zähmetkeşler köpçüligi ýetip gelýän uly baýramy — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamagy, bu beýik senäni zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýär.
Siziň üçin duşuşyk Amanmyrat ORAZGULYÝEW
10.11.20 - 16:24Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň uly topary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp boldy.
«Gara altyn» topary toýa taýýarlanýar
10.11.20 - 16:22Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygynda Diýarymyzyň toýlary toýa ulaşýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýy ýakynlap gelýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hereket edýän «Gara altyn» tans, folklor we aýdym-saz toparynyň öňde boljak şanly baýramçylyga görýän taýýarlygy dogrusynda söhbet etmek üçin toparyň çeper ýolbaşçysy, ýokary okuw mekdebiniň geologiýa fakultetiniň uly mugallymy Amanmyrat ATAÝEW bilen söhbetdeş bolduk. Ol buýsanç bilen hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp, şulary gürrüň berdi.
Halkara maslahaty dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
10.11.20 - 16:2028 — 29-njy oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly XXV Halkara maslahaty nebitgaz işewürliginiň dünýäsinde möhüm waka öwrüldi. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinde çap edilen köpsanly habarlardyr makalalar munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Hyzmatyň hili ýokarlanýar
10.11.20 - 16:14Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda ýurdumyzda halkymyza ähli ugurlarda edilýän hyzmatyň hili barha ýokarlanýar. Ilatymyzy döwletimiziň milli baýlygy bolan nebit önümleri bilen üpjün etmekdäki işleriň döwrebaplaşdyrylyp, barha kämilleşdirilýändigi hem şunuň bir mysalydyr.
Paýtagtymyz baýramçylyk lybasyna beslenýär
10.11.20 - 16:12Şu ýyl türkmen halky üçin aýratyn, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak ýyl bolar. Çünki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilenine şanly 25 ýyl dolýar. Günler bizi bu şöhratly senä golaýlaşdyrdygyça, ýurdumyzyň şäherlerinde, hususan-da, gözel paýtagtymyz Aşgabatda baýramçylyk alamatlary has äşgär duýulýar. Bu baýramçylygyň ýokary derejede bellenilmegi hakyky taryhy waka öwrülip, Türkmenistanyň bütin dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam eder.
Halypa mugallymy ýatlap Görnükli dilçi alym Haýdar Muhyýew barada
03.11.20 - 16:33Ussat dilçi, ýazyjy, görnükli pedagog Haýdar Muhyýewi türkmen intelligensiýasynyň, hususan-da dil, edebiýat, metbugat ugurlary bilen iş salyşýan wekilleri, orta ýaşlylar gaty oňat bilýändirler diýip pugta ynam bilen aýdyp biljek. Soňky ösdürimler, bu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýan ýaşlar hem görnükli dilçi alymyň nusgalyk şahsyýeti, ömür ýoly, ylmy we edebi mirasy bilen gaýybana tanyşdyrlar.
Okuw bilen önümçilik utgaşýar
03.11.20 - 16:31Daşoguz şäherinde ýerleşýän welaýat häkimliginiň garamagyndaky 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde häzirki döwürde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna zerur bolan hünär ugurlary bilen bir hatarda, geodeziýaçy, nebitgaz ýygnaýjy we akdyrmaga taýýarlaýjy operator hünärleri boýunça hem talyp ýaşlara döwrebap bilim berilýär.
Döwrebap desganyň eksport önümleri
03.11.20 - 16:28Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ruhubelent işgärleri ýetip gelýän şanly baýramlary — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşylamak ugrunda joşgunly zähmet çekýärler. Şu ýylyň başyndan bäri bu kärhanadan 23840 tonna agyr wakuum gazoýly eksporta ugradyldy. Bu nebit önümi hem kärhanada öndürilýän ýol bitumy bilen birlikde soňky ýyllarda daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän we höwes bilen satyn alynýan harytlyk önümleriň sanawyna goşuldy.
Gaz akdyryjylaryň gaýratly zähmeti
27.10.20 - 21:30«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary ýokary basyşly gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy beketleri, gaz sazlaýjy düwünleri güýz-gyş möwsümine meýilnamada bellenilen möhletinde birkemsiz taýýar etdiler. Munuň özi sarp edijileri döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretiň biri — tebigy gaz bilen ýeterlik möçberde üpjün etmeklige şert döredýär.`
Hünär — ömrüň bezegi
27.10.20 - 21:27Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji başlangyç hünär okuw mekdebi şäheriň owadan binalar toplumynyň birinde ýerleşýär. Hünärler ojagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumynyň, şeýle-de beýleki pudaklaryň edara-kärhanalary üçin gerekli hünärleri uly höwes bilen öwrenýän ýaş ýigitler we gyzlar okaýarlar.
Balkanly gazçylaryň batly gadamlary
27.10.20 - 21:26Balkan welaýatynyň ilatly nokatlaryny üznüksiz gaz akymy bilen üpjün etmekde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärhanalary uly işler alyp barýarlar hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny mynasyp sowgatly garşylamak üçin şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.
Türkmen polietilenine ýokary isleg
27.10.20 - 21:24Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) Gyýanlydaky polimer zawodynyň öndürýän polietileniniň satuwlary ep-esli artdy.
«Gazojak» şypahanasy halkyň hyzmatynda
20.10.20 - 16:32«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligine degişli bolan «Gazojak» şypahanasynda ynsan saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar.