«Mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilýär
26.08.20 - 15:23— Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä nusgalyk taglymatynyň datly miwelerini her ädimde diýen ýaly görmek bolýar. Jemgyýetimizde adamyň iň ýokary gymmatlyk hasap edilip, onuň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän deňsiz-taýsyz aladalara biz hem mynasyp goşandymyzy goşmaga çalyşýarys. Şonuň netijesinde ilatymyza durmuşy eşretleriň biri bolan tebigy gaz barha elýeterli bolýar — diýip, «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň bölüm müdiri Geýdaýdurdy Şirinow bize alnyp barylýan gündelik işler, gazanylýan netijeler barada gürrüň berýär.
Guýularyň önüm berijiligi artýar
26.08.20 - 15:17Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýunyň toýlanyljak «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinip işleýän «Marygazçykaryş» müdirliginiň Guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehiniň gazçylary geçen dört aý üçin bellenilen önümçilik meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler.
Gazçylaryň ýakyn ýardamçylary
26.08.20 - 15:07Bu kärhananyň derwezesi hemişe diýen ýaly açyk durýar. Sebäbi gije-gündiziň islendik wagtynda giň derwezeden köpsanly ulaglar daşary çykýar ýa-da ondan içeri girýär. Ine, sürüjileriň birnäçesi üsti ýükli awtoulaglaryna atlanyp, Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda ýerleşýän gaz ýataklaryna tarap ýola rowana bolýar.
«Zähmet» suw bekedinde
14.08.20 - 03:19«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň önümçilik düzümleriniň gazçylarynyň tebigy gazy çykarmakda gazanýan üstünliklerinde olara dürli ugurlar boýunça hyzmat ediş ulgamynyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe önümçiligine kämil tehnologiýalar, döwrebap enjamlar ornaşdyrylýan şol edara-kärhanalaryň zähmet toparlary müdirlik boýunça «mawy ýangyjyň» çykarylmagyna-da, sarp edijilere ugradylmagyna-da öz goşandyny goşýarlar.
Goşmaça «gara altyn» alynýar
14.08.20 - 03:15Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 3-nji aprelinde üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlap sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda bitirilýän işleriň hasabatyny diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Gazçylaryň maksada okgunly işleri
26.08.20 - 14:06Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şöhratly senesiniň ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek ýylynyň her bir aýyny zähmet üstünliklerine beslemek, bu taryhy senäni mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak höwesi «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary üçin hem häsiýetlidir.
Gadamlary ýeňşe sary
26.08.20 - 13:55Şanly senelere baý üstümizdäki ýyly zähmet üstünliklerine beslemek, ýurdumyzyň ähli babatda ösüşlerine mynasyp goşant goşmak önümçilik kärhanalarynyň işgärleriniň baş maksadydyr. Ata Watanymyzyň rowaç menzillerine dahylly bolmak üçin her bir iş ornunda zähmet gaýnap joşýar. Iş günlerini zähmet ýeňişlerine besleýänleriň hatarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ruhubelent we belent maksatlara gulluk edýän dürli kesp-kärli, başarjaň hünärmenleri hem bar.
Möhüm işler tamamlaýjy tapgyrda
14.08.20 - 02:13«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Malaý gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň gurluşygynda tehnologik ulgamlaryň goýberiş-sazlaýyş işlerine girişildi. Munuň özi ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kubmetre barabar bolan iri senagat desgasynyň işe giriziljek döwrüniň indi onçakly uzakda däldiginden habar berýär.
«Mawy ýangyjyň» höziri
14.08.20 - 02:10«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher, etrap gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri tarapyndan meýilleşdirilen işler üstünlikli berjaý edilýär. Bu babatda müdirligiň «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri netijeli işleri alyp barýarlar.
Jogapkärli işiň ussatlary
14.08.20 - 02:07Ýerasty baýlyklary gözläp tapmakda we olary senagat taýdan özleşdirmekde ýurdumyzyň iň iri önümçilik-hojalyk düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş müdirligine hem aýratyn orun degişlidir. Bu ýerde amala aşyrylýan işler guýulardan çykarylýan ýangyç çig mallarynyň möçberini durnukly artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Täze ilatly ýerler gazlaşdyrylýar
13.08.20 - 22:01«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gazçylary Mary welaýatynyň obalarynda, şäherlerinde täze ýokary, orta basyşly gaz geçirijileri gurmak, ozaldan hereket edýän gaz geçirijileriň durkuny täzeläp, geçirijiligini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýarlar.
Guýulary abatlamagyň wajyplygy
13.08.20 - 21:50Nebitgaz senagatynyň ösüşinde nebiti we gazy çykarmagy köpeltmegiň esasy ugurlary netijeli tehnologik prosesleri ornaşdyrmakdan, öňüni alyş çärelerini geçirmek bilen, ulanyş guýularynyň fonduny saklamakdan, düýpli abatlaýyş işleri netijesinde guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de hereketsiz guýulary we täze gazylan guýulary ulanyşa goýbermegiň hasabyna olaryň hereket edýän fonduny artdyrmakdan ybaratdyr. Ylaýta-da ulanyş guýularyny abatlamagyň dowamlylygyny tizleşdirmek we harç edilýän çykdajylary azaltmak meseleleri wajyp bolup durýar.
UZYNADA MEÝDANÇASY
26.08.20 - 15:31Uzynada meýdançasy Günbatar Türkmen çöketliginiň Gyzylgum bükülmesinde ýerleşmek bilen, bu ýerde ilkinji guýy gazuw işleri 1970-nji ýylda başlanyp, şol ýyllarda çuňlugy 4200-4400 metre çenli bolan 4 sany gözleg-agtaryş guýulary gazylypdyr. Emma, adyndan belli bolşy ýaly, bu bükülmede ýerleşen meýdançanyň gatlaklary has çuňlaşyp gidýänligi üçin aşaky gyzylreňkli çökündilere ýetilmändir.
DÖWREBAP IŞLER BITIRILÝÄR
26.08.20 - 15:24«Türkmennebit» döwlet konserni nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirmek we olary işläp taýýarlamak bilen, bu pudagyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini üpjün edýär. Konserniň düzümine nebiti, gazy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamagy, uglewodorodlary turbageçirijiler arkaly ibermegi, ýataklary, gaz gysyjy we sazlaýjy desgalary gurmagy, abadanlaşdyrmagy,
TEBIGY GAZDAN NETIJELI PEÝDALANYLÝAR
26.08.20 - 15:21«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, ilat tarapyndan gymmatly «mawy ýangyjyň» aýawly ulanylmagy ugrunda hem netijeli işleri alyp barýarlar.