1605ad3871720b.jpeg
Tebigy gazyň çykarylýan we eksport edilýän möçberleri artýar
24.03.21 - 15:52

Nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň biridir.


1605ad44f1b61d.jpeg
Polipropileniň bahasy rekord derejä ýetdi
24.03.21 - 15:55

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda täze rekord hasaba alyndy. 10-njy martda geçirilen söwdalarda rafiýa sortly polipropileniň 1,5 müň tonnasy eksport üçin satuwa çykaryldy. Ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.


1605ad4d4743af.jpeg
Goşmaça nebit almagyň ussatlary
24.03.21 - 15:57

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş toparlary netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu toparlar geçen ýyl tutuş konsern boýunça üç ýüz müň tonna golaý «gara altynyň» goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler.


16050493013713.jpeg
Gaz desgalarynyň bökdençsiz işlemegi gazanylýar
16.03.21 - 15:59

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň etraplarynda bar bolan gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri bagtyýar il-günümizi gymmatly «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmekde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň her bir aýyny netijeli jemlemek bilen, häzirki döwürde mart aýynyň işlerini guramaçylykly dowam edýärler.


1605049a251dc1.jpeg
Barlaghana synaglarynyň önümçilikde ornaşdyrylyşy
16.03.21 - 16:01

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Türkmenistanyň nebit gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan sepgitlere ýetmek üçin nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wajyp meseleleriniň biri hem tebigy serişdeleriň rejeli we peýdaly ulanylmagyny üpjün etmekdir.


1605049ec24759.jpeg
Yhlasly zähmet — ösüşe medet
16.03.21 - 16:02

Geçýän her gün, her hepde, her aý bizi üstümizdäki ýylyň taryhy wakasyna — Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesine barha ýakynlaşdyrýar. Mukaddes baýramy uly üstünlikler, ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrmak her bir zähmetkeşler köpçüliginiň baş maksadydyr. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem şeýle belent maksada gulluk edip, ýurdumyzyň baýlygyna baýlyk goşmak ugrunda tutanýerli we ýokary başarnykly zähmet çekýärler.


16047037b1792d.jpeg
Maksat — ösüşlere goşant goşmak
09.03.21 - 15:11

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine saldamly goşant goşmak ýaly il-ýurt bähbitli işe ruhubelentlik bilen goşant goşýanlaryň arasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň başarjaň we janypkeş işgärleri hem bar. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýyllar rowaçlyklara, düýpli ösüşlere beslenýär.


1604703e681e85.jpeg
Belent sepgitleri nazarlaýan gazçylar
09.03.21 - 15:13

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýyly belent sepgitlere besleýärler. Il-günümiziň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy ýaly belent maksatlary ýaran edinen müdirligiň işçi-hünärmenleri şu günler welaýatyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilmegi bilen bir hatarda, türkmen gazynyň halkara hil derejesinde dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny eýelemegi ugrunda hem öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa
09.03.21 - 15:15

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


1603dcd2c111e1.jpeg
Gaz geçirijiler uzalýar
02.03.21 - 15:29

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi belent toý tutumy bilen baýram ediler. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň işgärleri-de Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu ýyly belent sepgitler bilen şöhratlandyrmagy asylly maksat edinip, joşgunly zähmet çekýärler.


1603dce44e13ff.jpeg
Nebitgazçy talyp gyzyň üstünligi
02.03.21 - 15:33

Ol bäsleşige watansöýüjilik temasyndan ýazan makalasy bilen gatnaşdy. Onuň hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda türkmen tebigatyny, aýratyn hem Garagum sährasyny çeper suratlandyryşy baradaky pikirleri okyjyny özüne çekýär.


16034a797949b8.jpeg
Сейдинский НПЗ наращивает объемы экспорта продукции
25.02.21 - 16:57

На днях с Сейдинского НПЗ зарубежным потребителям отправлена ​​очередная партия различных видов нефтепродуктов. Нефтепереработчики, успешно завершившие прошлый год, прилагают все усилия для выполнения производственных планов в нынешнем году, девиз которого «Туркменистан - Родинa мира и доверия».


16034a797949b8.jpeg
Kärhananyň eksport önümleri
25.02.21 - 22:56

Golaýda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda daşary ýurtly sarp edijilere dürli görnüşli nebit önümleriniň nobatdaky tapgyry ugradyldy. Şeýle buýsandyryjy waka bu iri senagat kärhanasynda ýokary hilli önümleri eksport etmek işiniň sazlaşykly ýola goýulýandygyndan habar berýär. Geçen ýyly üstünlikli jemlän nebiti gaýtadan işleýjiler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem uly zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.


16034a5f56556c.jpeg
«Dostluk» ýatagy dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
23.02.21 - 16:51

Ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýe bolan Hazar sebitiniň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek meselesi ýene-de dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.


16034a6629624c.jpeg
Hazar — dünýä energetikasynyň möhüm merkezi
23.02.21 - 16:53

Hazar sebitinde netijeli gatnaşyklary berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar, ol oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanandyr. Şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama munuň nobatdaky subutnamasy boldy.