23-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet konserni nebitgaz ýataklarynda degişli işleri amala aşyrýar. Nebitiň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitinde işlenip geçilýän geljegi uly ýataklarda täze meýdançalary özleşdirmek işi dowam etdirilýär. Häzirki wagtda guýularyň birnäçesi hereket edýär we meýilnama laýyklykda, täze guýular burawlanylýar. Bu işlerde öňdebaryjy usullar hem-de halkara tejribeler giňden ulanylýar.
Şeýle-de guýularyň önümliligini ýokarlandyrmak, täze guýulary netijeli burawlamak üçin döwrebap abatlaýyş hyzmatlary amala aşyrylýar we ugurdaş enjamlar bilen üpjün edilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylyşyny artdyrmaga möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň bu ugurdaky işi ylmy esasda alnyp barylmalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany konserniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.