Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy

14-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna bardy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-koreý gatnaşyklary täze itergi alyp, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Soňky ýyllarda ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara netijeli hyzmatdaşlyk özüniň işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýar.

Serdar Berdimuhamedowyň häzirki döwlet saparynyň köp taraply türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda täze sahypa açjakdygyna garaşylýar.

Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde söwda-ykdysady gatnaşyklar çykyş edýär. Şunda Türkmenistanyň köpýyllyk hyzmatdaşlary bolup durýan iri koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Olaryň gatnaşmagynda ýurtda nebitgaz, nebithimiýa we gazhimiýa pudaklarynda giň gerimli bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa tejribe alyşmaga hem-de milli ykdysadyýete ösen tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Ulag-logistika ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýewraziýa giňişligindäki aragatnaşyk ýollarynyň çatrygynda amatly geografik ýerleşişe eýe bolan Türkmenistan we Koreýa Respublikasy üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça tagallalaryny utgaşdyrýarlar.

Ýurtlar şeýle-de ekologiýa ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk edip, ösen «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmaga, howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge we suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn üns berýärler. 

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993