Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle-de iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 26-njy fewraly.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993