“Türkmennebit” DK çuň guýularyň öndürijiligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirýär

“Türkmennebit” DK çuň guýularyň öndürijiligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirýär

 “Türkmennebit” döwlet konserni çuň guýulardan uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow 7-nji martda Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Hususan-da, nygtalyşy ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan nebiti we gazy çykarmak bilen bagly işleri netijeli ýerine ýetirmek babatda zerur çäreler amala aşyrylýar. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmakda adaty guýulardan tapawutly bolan çuň guýularyň önümli gatlaklaryny barlamak hem-de özleşdirmek işini halkara tejribä laýyklykda alyp barmak zerur bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, guýularyň önümçiligini ýokarlandyrmak we täze çuň guýulary burawlamak üçin nebitgaz ýataklarynda döwrebap ugurdaş enjamlar, tehniki serişdeler bilen üpjün etmek babatda ähli şertler döredilýär.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny belledi hem-de nebitgazly känlerde çuňlugy 7 müň metrden geçýän guýularda degişli işleri geçirmäge mümkinçilik berjek täze enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993