Serdar Berdimuhamedow Asif Ali Zardarini Pakistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Asif Ali Zardarini Pakistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Asif Ali Zardarä Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

“Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bilen işleşmegi meýilleşdirýärin” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Belläp geçsek, Türkmenistan we Pakistan ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr bolan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça iri taslama gatnaşyjy bolup durýarlar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993