Häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygy Gündogar — Günbatar ugry boýunça durnukly energetika we ulag geçelgelerini döretmegiň, Ýewraziýada täze, netijeli logistika hyzmatdaşlygyny emele getirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TRT Haber türk teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi. Interwýu Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi.
Interwýu Türkmenistanyň merkezi habar beriş serişdelerinde çap edildi.
— Türkmen-türk gatnaşyklary nusga alarlykdyr. Iki tarap hem syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýar – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Ol şeýle hem türkmen-türk gatnaşyklarynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň aýratyn ornuny belledi.
“Men ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge düýpli üns berýändigi, bu barada alada edýändigi, ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge örän uly şahsy goşant goşýandygy üçin, gadyrly doganym, hormatly Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdardyryn. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda oňa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmagy Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany boldy” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
“Ikitaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklary hem depginli ösýär. Özara haryt dolanyşygynyň möçberi geçen, 2023-nji ýylda 2,5 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Türk kompaniýalary ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, ulag we senagat pudaklarynda öňden bäri netijeli işläp gelýärler” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.