Aksakgallar geňeşiniň başlygy türki döwletleriň özara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ägirt uly mümkinçiliklerini belledi

Aksakgallar geňeşiniň başlygy türki döwletleriň özara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ägirt uly mümkinçiliklerini belledi

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym syýasat, ykdysadyýet, ulag, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty, sport, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ulgamlarda türki döwletleriň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekdi. Bu barada ol 11-13-nji martda Aşgabatda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşykda belledi.

Bu guramanyň doly hukukly agzalary we synçylar bolup durýan ýurtlaryň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk, TDG-niň işine synçylaryň işjeň gatnaşmagy Türki Döwletleriň Guramasynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri, şonuň bilen birlikde, olaryň bu düzümiň işine uly goşant goşýandygynyň görkezijisi bolup durýar diýip, Binali Ýyldyrym aýtdy.

Çykyşyň dowamynda dünýä ösüşiniň meýilleri bilen baglylykda hem-de TDG-niň giňişliginde ýüze çykýan möhüm meseleleri çözmekde bu guramanyň barha artýan orny bellenildi.

Myhman ýurdumyzyň Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna goşýan goşandyny aýratyn belledi. Şunda ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolan, şol sanda tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygyny we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işleri alyp barýandygy nygtaldy.

Çykyşynyň ahyrynda Aksakgallar geňeşiniň başlygy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň howandarlygynda häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykýan türki döwletleriň bilelikdäki tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Duşuşyk 11-nji martda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi.

15-nji mejlisiň gün tertibine Aksakgallar geňeşiniň we TDG-niň alyp barýan işleri, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işi, utgaşdyrylan tagallalary, geçen ýyl Samarkantda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993