Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde eden çykyşynda bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi.
“Türki döwletleriň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Tagallalaryň birleşdirilmegi halkara hyzmatdaşlarymyz we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada öňe süren strategiýasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Bu ugurda türki döwletlere esasy orun degişlidir – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.