Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň «Abadan» obasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti dünýäniň iň ösen döwletleriniň kämil innowasion enjamlary ornaşdyrylan awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen «Şir ýag» hil nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän önümçiligi esaslandyrdy.
30 müň inedördül meýdandan gowrak ýerde ýerleşýän täze önümçilik kärhanasynda jemi alty toparda mineral we sintetiki ýaglaryň, ýagny ýeňil awtoulaglaryň hereketlendirijilerine niýetlenen ýaglaryň, awtoulag we awtomatiki transmissiýa üçin ýaglaryň, gidrawlik ulgam üçin ýaglaryň, agyr iş şertlerinde işleýän kuwwatly transmissiýa ýaglarynyň, senagat ýaglarynyň, şeýle hem senagat we oba hojalyk tehnikalaryna niýetlenen motor hem-de gidrawlik ýaglaryň önümçiligi ýola goýlupdyr.
Önüm öndürmek üçin esasy çig mal Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem önümçilige zerur bolan himiki serişdeler daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalaryndan özara hyzmatdaşlyk esasynda getirilýär. Häzirki wagtda täze kärhanada mineral we sintetiki ýaglaryň 25 görnüşi öndürilip, geljekde onuň sanyny 50-ä ýetirmek göz öňünde tutulýar. Kärhanada işçi-hünärmenleriň 40-sy zähmet çekýär, geljekde önümçiligiň giňelmegi bilen bu san 100-e ýeter.