“Türkmengaz” DK “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny, şol sanda kükürtsiz gazyň çykarylyşyny artdyrmagy meýilleşdirýär

“Türkmengaz” DK “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny, şol sanda kükürtsiz gazyň çykarylyşyny artdyrmagy meýilleşdirýär

“Türkmengaz” döwlet konserni tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreleri görýär. Görülýän çäreler barada wise-premýer Batyr Amanow 15-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Hususan-da, Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin, ilkinji nobatda, gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap enjamlar we serişdeler arkaly degişli känlerde ulanyş-baha beriş guýulary gazylyp, senagat taýdan ähmiýetli bolan kükürtsiz gaz akymlary alyndy.

“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan geljek ýyllarda hem nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna gaz känlerinde gysga wagtda tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ulanyş-baha beriş guýularynyň buraw işlerine girişildi.

Mundan başga-da, täze burawlanýan gaz guýularynyň ýerüsti gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maddy-tehniki enjamlar bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993