Türkmenistan Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň agzalygyna kabul edildi

Türkmenistan Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň agzalygyna kabul edildi

Türkmenistan Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň agzasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i 18-nji martda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 6-njy martda Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine agza hökmünde goşulmagy baradaky meselä seredildi. Netijede Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine doly hukukly agza hökmünde kabul edildi.

2019-njy ýylda döredilen Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşigi Türki döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda Birleşigiň düzümine Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan we Türkiýe Respublikalary doly hukukly agza hökmünde girýärler. Wengriýa, Demirgazyk Kipr bolsa gurama synçy hökmünde gatnaşýarlar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993