18-nji martda Brýusselde (Belgiýa) Ýewropanyň işewürler jemgyýeti bilen “Türkmenistan we ÝB: täze ykdysady hyzmatdaşlyga tarap” mowzugy bilen Tegelek stol guraldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Çärä Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýew gatnaşdy.
Gibrid görnüşinde geçen çärä gatnaşyjylar energetika, maýa goýum we söwda ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çärä Ýewropanyň dürli ýurdundan 120-den gowrak wekil, şol sanda halkara guramalarynyň, diplomatik we maliýe edaralarynyň, ylmy-gözleg merkezleriniň, şeýle-de Sarens Group, Cargolux, Philips we Royal IHC ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.
Raşid Meredow öz çykyşynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.