Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakynda” Kararyna laýyklykda, bu forumy şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde guramak meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, forumy guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar.
Onda döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumda ýurdumyzyň maýa goýum taslamalarynyň giňden açylyp görkezilmelidigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.