Prezident Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar.
Täze kitaby barada döwlet Baştutany 23-nji martda Hökümet mejlisinde habar berdi we taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Liderine şol alymlar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi.
Döwlet Baştutany şu hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga beriljekdigini aýtdy. Türki dünýäniň medeniýetinde aýratyn orna eýe bolan gadymy Änew topragynda guraljak dabaralar berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterer.
Hususan-da, 26-njy martda geçiriljek dabaranyň çäklerinde türki halklaryň aýdymçylarynyň konsertini, suratkeşleriň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini guramak göz öňünde tutulýar.
Bu çärelere gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, TDG-ä agza we synçy ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň, döredijilik we ylmy wekiliýetleriniň ýurdumyza gelmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň dowamynda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini hem-de çärelere gatnaşmaga gelýän myhmanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Änew şäheriniň müňýyllyk taryhy barada kitap ýazdy