Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-nji martda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen geçiren duşuşygynda energiýa serişdeleriniň eksporty we üstaşyr geçirilmegi ulgamynda gatnaşyklary işjeňşeldirmek meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, syýasy-diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek esasynda ösdürilýär.

Eýran ýurdumyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň uly ähmiýetini belledi. Toparyň işiniň netijesinde, Türkmenistanda elektroenergetika, ulag ulgamynyň taslamalaryny amala aşyrmak boýunça anyk çäreler ylalaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. 

Şunda häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemegiň, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi, üstaşyr geçirilmegi babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. 

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993