Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” DK-ny turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldady

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” DK-ny turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldady

29-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konsernini zerur bolan enjamlar, şol sanda nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde, düýpli abatlamakda ulanylýan turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýangyç-energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, işe innowasion usullary, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa amala aşyrylýar.

Bu ugurda “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň düzümleri tarapyndan ýerine ýetirilýän, şu ýylyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «Türkmennebit» döwlet konsernini nebitgaz guýularyny burawlamak, özleşdirmek hem-de düýpli abatlamak işlerinde ulanylýan turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993