Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara topary 2024-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara topary 2024-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny maslahatlaşdy

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 61-nji mejlisinde 2024-nji ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasy maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

“Mejlise gatnaşyjylar  ykdysadyýet, howpsuzlyk, ulag we halkara çärelerini guramak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2024-nji ýyl üçin çäreleriniň Meýilnamasyny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar” diýlip habarda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ekologiýa diplomatiýasyndan ugur almak bilen daşky gurşaw meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde hemişe işjeň orny eýeleýändigini bellediler. Nygtalşy ýaly, Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmeginde möhüm orny eýeledi we bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde ähli hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň kenarýaka döwletleri bilen dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan giň gerimli hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda işjeň hereketleri dowam etdirjekdigini nygtadylar.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993