Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BMG-niň ÝYK agza ýurtlarynda wodorod energetikasyny ilerletmek meselesini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BMG-niň ÝYK agza ýurtlarynda wodorod energetikasyny ilerletmek meselesini maslahatlaşdy

Türkmenistan 18-21-nji martda Ženewada (Şweýsariýa) geçirilen Metan boýunça bütindünýä maslahata gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümine birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň, şol sanda Türkmenistanyň DIM-niň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri girdi diýip, metbugat beýanynda aýdylýar.

Forumyň guramaçylary bolup Metan boýunça ählumumy başlangyç we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy Ählumumy metan merkezi, Klimat we arassa howa boýunça koalisiýa hem-de beýleki guramalary bilen hyzmatdaşlykda çykyş etdi.

Türkmen wekiliýeti sebitleýin duşuşyklaryna hem gatnaşdy. Çäreleriň çäklerinde Durnukly energetika boýunça komitetiň meýdançasynyň çäklerinde BMG ÝYK agza ýurtlarynda wodorod energetikasynyň ilerledilişini maslahatlaşmak üçin gaz boýunça bilermenleriň her ýylky mejlisi geçirildi.

Durnukly energetika ulgamlaryny döretmekde, şol sanda döwletleriň we sebitleriň senagat taýdan ösüşini üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tebigy gazyň ornuna aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Howa boýunça COP-28 maslahatynda resmi taýdan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993