24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri dokary derejede dowam edýär diýip, “Turkmen-Forum” kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Foruma gatnaşmak üçin eýýäm 170-den gowrak daşary ýurt wekilleri bellige alyndy. Çykyş etjekleriň hatarynda – OPEK-iň baş sekretary Haýtam al-Gaýs, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we BMG-niň ÝYK-nyň ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan, PETRONAS-yň halkara serişdeler, gözleg we nebitgaz çykarmak boýunça wise-prezidenti Mark Fitjerald, TotalEnergies kompaniýasynyň energiýanyň gaýtdan dikeldilýän çeşmeleri bölüminiň uly wise-prezidenti Žulýen Puže, Halkara energetika agentliginiň energetika boýunça baş ykdysatçysy Tim Guld we beýlekiler bar.
TEIF 2024-iň maksady – Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň ählisine göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.
Türkmenistanda “PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd” golçur kompaniýasy arkaly hödürlenen Petronas kompaniýasy TEIF 2024 forumynyň altyn hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd. Türkmenistandaky işine 1996-njy ýylda Hazar deňziniň Türkmen sektoryndaky "Blok 1"-iň çäginde önümi paýlaşmak hakynda şertnamasyna gol çekip başlady. 2009-njy ýylda Diýarbekir ýatagynda täjirçilik nebit önümçiliginiň we 2011-nji ýylda Magtymguly ýatagynda tebigy gaz önümçiliginiň başlamagy bilen bu kompaniýa Türkmenistanda uglewodorod öndürijileriniň we tebigy gaz üpjün edijileriniň birine öwrüldi.
PETRONAS depginli ösýän halkara energetika kompaniýasy bolup, dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda wekilhanasy bar. Kompaniýa energiýa öndürmek, ibermek we jemgyýetleriň ösmegi üçin çözgütleri hödürleýär.
PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) 1000-nji nebit ýüklemegini belläp geçdi. Munuň özi kompaniýanyň Türkmenistanda uzak wagtlyk işiniň aýdyň mysalydyr.
Petronas energiýa serişdelerine halkara islegi kanagatlandyrmak üçin Türkmenistana energetiki toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga işjeň ýardam edýär.