Türkmen-täjik işewürler forumynda söwda, ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmen-täjik işewürler forumynda söwda, ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi saparynyň çäklerinde Duşenbede geçirilen işewürlik maslahatynyň barşynda söwda, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy ulgamlarynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagynyň geljegi, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada hem gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli guralýan işewürlik duşuşyklarynyň we beýleki ugurdaş çäreleriň ähmiýetli orny bellenildi. 

Forumyň barşynda dürli pudaklarda, şol sanda senagat toplumy, ýangyç-energetika pudagy, oba hojalygy, ulag we logistika, maýa goýum işi boýunça türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, ýokary derejede yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlaryň hem-de taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde soňky ýyllarda türkmen-täjik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993