Ýurdumyzda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde geçiren Hökümet mejlisinde habar berdi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu görkeziji senagat pudagynda 4,7, ulag we aragatnaşykda 6,6, hyzmatlar ulgamynda 7,6, söwda ulgamynda 8,2 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 4,1 göterim boldy. Zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyryldy.
Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli dowam edýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Şu döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmegi jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklamaga ýardam etdi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 8,8 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim ýokarlandy.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,3 göterim artdy.
Prezident hasabaty diňläp, geçen üç aýda gazanylan üstünliklere esaslanyp, geljekde-de jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagyň, önümçilik pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Döwlet býujetiniň girdejiler meýilnamasyny doly ýerine ýetirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksatlaýyn harçlanmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygy bellenildi. Ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet bermek gerek diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.