Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi

10-njy aprel Türkmenistanda milli baýram – Oraza baýramy mynasybetli dynç güni bolar. “Oraza baýramyny bellemek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany merkezi neşirlerde çap edildi.

“Mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde bellemeli” diýlip resminamada aýdylýar.

Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993