14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşykda taraplar sebit we ählumumy howpsuzlyk meselelerine garadylar. Syýasy meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, medeniýet, bilim we ynsanperwer meseleleri bellenildi.
Mundan başga-da duşuşyga gatnaşyjylar C5+1 formatyndaky köptaraplaýyn diplomatik meýdançany goldaýandyklaryny tassykladylar.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ekologik meseleleri çözmegiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny bellediler. Agzalan ugurda amerikan tarapy Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyny gutlady.
Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň gatnaşyklary berkitmekde we möhüm meseleleri çözmekde utgaşdyrylan çemeleşmeleri ösdürmäge mümkinçilik berjekdigi barada ylalaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýyllyk syýasy geňeşmeleriň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitmegiň oňyn häsiýetli meýdançasy bolup durýandygyny nygtadylar.