Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisi bilen energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisi bilen energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

16-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Ahsan Wagan bilen geçiren duşuşygynda bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginini artdyrmak meselesini maslahatlaşdy. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.

Ilçi Pakistanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Taraplaryň gyzyklanmasyny hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşini nazara almak bilen, uzak geljegi nazarlaýan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Şunda diplomat Pakistanyň türkmen döwletiniň alyp barýan oňyn daşary we içeri syýasatyny, Serdar Berdimuhamedowyň yklymüsti energetika hem-de ulag geçelgelerini döretmek baradaky möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993