Türkmenistanyň Prezidenti: Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly halkara ulag geçelgeleriniň ösüşiniň üstünligini kesgitlär

Türkmenistanyň Prezidenti: Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly halkara ulag geçelgeleriniň ösüşiniň üstünligini kesgitlär

“Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti hem örän uludyr. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändiginiň nobatdaky güwäsidir” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji aprelde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşynda belledi.

“Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, paýtagtymyz Aşgabady Lebap welaýaty bilen birleşdirjek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berer. Ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawyny üpjün eder” diýip, döwlet Baştutany belledi.

“Ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň dünýä yklymlarynyň çatrygynda örän amatly ýerde ýerleşmegi halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmäge, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.

“Biz geljekde-de Diýarymyzda awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça netijeli işleri dowam etdireris” diýip Prezident belledi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993