Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we GDA-nyň Baş sekretary Aşgabatda geçiriljek mejlisiň gün tertibini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we GDA-nyň Baş sekretary Aşgabatda geçiriljek mejlisiň gün tertibini maslahatlaşdylar

22-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Bu mejlis Arkalaşykda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar. Mejlisde ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika, infrastruktura hem-de ýurtlarymyzyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleri ýaly wajyp meseleler boýunça pikir alyşmak üçin mümkinçiligiň boljakdygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň netijeleriniň GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirildi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde geçirilýän sammitlere, mejlislere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýandygyny, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barýandygyny, ulag, energetika pudaklarynda tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, Arkalaşygyň çäklerindäki özara hereketleri üstünlikli utgaşdyrýandygy we GDA-nyň abraýynyň berkidilmegine uly goşant goşýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993