Serdar Berdimuhamedow: ykdysadyýet Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň gatnaşyklarynyň ileri tutýan ugry

Serdar Berdimuhamedow: ykdysadyýet Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň gatnaşyklarynyň ileri tutýan ugry

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda ykdysadyýeti Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynyň teksti resmi metbugatda çap edildi.

«Ykdysadyýet biziň gatnaşyklarymyzyň öňbaşçysy bolmalydyr, bir tarapdan, sebitiň ýurtlarynda german işewürliginiň berk we durnukly ornuny, beýleki tarapdan bolsa, Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysadyýetine, maýa goýum işlerine, şol sanda german kompaniýalary bilen gatnaşyklar arkaly çalt we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmelidir» – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Biziň formatymyzdaky ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ösmäge we giňelmäge oňat mümkinçilikleri bar diýip, döwlet Baştutany aýtdy we ulag we logistikany, kommunikasiýany, energetikany, senagat önümçiligini, himiýa senagatyny, maşyngurluşygy, saglygy goraýşy we derman senagatyny, obasenagat toplumyny innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky işläp taýýarlamalary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, biziň sebitimiziň ýurtlarynyň çäklerinde bilelikdäki önümçilikleriň, hyzmat ediş we trening merkezleriniň işini ýola goýmagyň, ýokary hünärli hünärmenleriň okuwlaryny guramagyň geljegi uly hasaplanylýar.

Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi barada aýdyp, Aziýany we Ýewropany birleşdirýän sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşýändigi, onuň giň hem-de köpdürli tebigy serişdeleri, demografiýa babatdaky uly mümkinçiligi Germaniýanyň senagat we tehnologik derejesi, tejribesi hem-de halkara işewürligi ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary biziň ýurtlarymyz üçin bilelikde işlemek babatda uly mümkinçilikleri açýar diýip nygtady.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993