Moskwada Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynyň (GEÝF) VIII Sammiti geçirilýär. Bu duşuşyk ähmiyetli halkara energetika düzüminiň döredilmegine 25 ýyl dolmagy mynasybetli ýubileý duşuşygy boldy.
Tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan ýokary derejeli foruma ýörite myhman hökmünde gatnaşýar. Bu çäre ýurduň Ýewraziýa yklymynda energetika howpsuzlygynyň möhüm kepili hökmündäki pugtalanýan ornuny nygtaýar.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň belläp geçişi ýaly, GEÝF-iň utgaşdyryjy guraly dünýä energetika bazarlarynyň özgerýän şertlerinde strategik rol oýnaýar.
Guramanyň ölçegi dünýä görkezijilerinde öz beýanyny tapýar: GEÝF-e agza döwletlere tebigy gazyň subut edilen dünýä gorlarynyň takmynan 70%-i, onuň gazylyp alnyşynyň 38%-i we halkara turba geçirijisi arkaly söwdanyň takmynan 42%-i düşýär. Sammitiň öň ýanynda GEÝF-iň 28-nji Ministrler duşuşygy geçirilip, onda guramanyň Baş sekretary Filip Mşelbila pudagyň ösüşiniň uzak möhletli çaklamasyny hödürledi.
Baha bermelere görä, 2050-nji ýyla çenli gaza bolan dünýä islegi 5,3 trillion kub metrden geçer, suwuklandyrylan tebigy gazyň halkara söwdasyndaky paýy bolsa 64%-e çenli ýokarlanar. Bu bolsa gazyp çykarmaga we tehnologiki hyzmatdaşlyga yzygiderli maýa goýumlaryny talap edýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa sammitine gatnaşmagy Aşgabadyň ekologiýa taýdan arassa çig mal üpjün edijisi, şeýle hem energetika gepleşiklerini syýasatdan daşlaşdyrmagyň tarapdary hökmündäki artýan ornuny tassyklaýar. Ýurt halkara gaz ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, çeýe turba geçiriji infrastrukturasyny döretmegiň we öňdebaryjy ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň tarapdary bolup yzygiderli çykyş edýär.
GEÝF-iň VIII Sammitiniň netijeleri boýunça gaz bazarlarynyň çaklanyp bilijiligini ýokarlandyrmaga, täze eksport-ulag ýollaryny ösdürmäge we global durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen jemleýji Moskwa Jarnamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär diýip, Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.