2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda Türkmenistanda aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
«2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar» diýip, resminamada aýdylýar.
Şeýle hem Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 1160 manat möçberde bellemek we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmak bellenildi.
Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmek bellenildi.