Ýaponiýada “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji sammitini geçirmek meseleleri maslahatlaşylýar
24.01.24 - 11:1223-nji ýanwarda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň Ýaponiýanyň maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýär
24.01.24 - 11:14Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda, 22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko we Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI) ýerine ýetiriji diektory hem-de başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşyklary geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Ýaponiýada ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda birnäçe resminama gol çekildi
23.01.24 - 10:3022-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi
23.01.24 - 10:29Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Birža söwdalarynda BAE, Türkiýä, Gazagystana we Owganystana polipropilen satyldy
23.01.24 - 10:28Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy
23.01.24 - 04:48Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasy hödürlenildi.
Hökümet mejlisinde 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamasyna garaldy
23.01.24 - 04:46Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy hödürlenildi. Degişli taslamany döwlet Baştutanynyň garamagyna wise-premýer B.Annameredow hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi
20.01.24 - 14:4319-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň nebit ministri bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
20.01.24 - 14:43Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bilen geçiren duşuşygynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i anna güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministri bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
19.01.24 - 11:20Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we Ermenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökmetara toparyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär
19.01.24 - 11:19Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi M.Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen geçiren duşuşygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üstünde durlup geçildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi bilen geljegi uly ugurlar boýunça gepleşikler dowam etdi
19.01.24 - 11:19Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen Brýusselde geçiriljek maýa goýum forumyna týýarlyk meselesini maslahatlaşdy
18.01.24 - 16:40Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Margaritis Şinas: Aşgabada saparymyz ÝB-Türkmenistan gatnaşyklaryna ähli ugurlarda täze itergi berer
18.01.24 - 16:41Aşgabada saparymyz ÝB-Türkmenistan gatnaşyklaryna ähli ugurlarda täze itergi berer. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas çarşenbe güni Türkmenistana saparynyň netijeleri boýunça geçiren brifinginde belledi diýip, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.
Daşoguz welaýatynyň telekeçileri ýerli polietilenden we polipropilenden önümleriň öndürilişini artdyrýarlar
18.01.24 - 16:42Daşoguz welaýatynyň telekeçileri ýerli önümçilikdäki sintetiki polimerlerden taýýarlanylýan önümleriň görnüşlerini artdyrýarlar. Şeýlelikde, täze harytlaryň sanawynda örülýän bakja mebeli peýda boldy. Onuň esasy çig maly hökmünde polietilen we polipropilen ulanylýar.