Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar
05.05.23 - 15:392023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy. Onuň dowamynda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.
Sinopec kompaniýasy Aziýada iň çuň nebitgaz guýusyny burawlamaga girişdi
04.05.23 - 12:16Sinopec hytaý kompaniýasy HHR-iň demirgazyk-günbatarynda Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda Aziýada iň çuň nebitgaz guýusyny burawlamaga başlady diýip, Sinhua agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Katarda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy
04.05.23 - 12:16Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji maýda Katar Döwletiniň Doha şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň howandarlygynda geçirilen Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş hem gatnaşdy. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew gatnaşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistan we ABŞ hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasyny» we dürli derejedäki özara saparlary guramak boýunça teklipleri işläp taýýarlar
03.05.23 - 17:37Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny”, gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin teklipleri, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda guraljak dürli derejedäki saparlaryň Çarçuwaly meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipleri makullady.
Serdar Berdimuhamedow: Halkara ulag forumy Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarar
03.05.23 - 17:36Halkara ulag forumy Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdylýar.
Nebitgazçylar toparynyň ynamly ýeňşi
02.05.23 - 19:07Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige, ýaş türgenleri kämilleşdirmeklige, sagdyn durmuşy wagyz etmeklige uly üns berilýär. Şu maksatdan ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem sportuň dürli görnüşlerinde bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
02.05.23 - 18:58Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy baglaşyldy.
Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň mejlisinde geljek ýyl üçin meýilnamalar maslahatlaşyldy
02.05.23 - 18:58Samarkandda geçirilen «Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý» gaz geçirijisini ulanmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 28-nji mejlisinde häzirki işler we geljek ýyl üçin meýilnamalar bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy diýip, «Uzbekneftegaz» PJ-niň metbugat gullugy habar berýär.
Täze ýatakdan tebigy gazyň akymy alyndy
02.05.23 - 19:02Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, täze guýulary burawlamak we gurmak bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny döwrebap enjamlardyr tehniki serişdeler bilen üpjün etmek üçin ähli şertleri döredip berýär.
Türkmenistan we Germaniýa oktýabrda bilelikdäki ykdysady forumy geçirmegi meýilleşdirýär
02.05.23 - 18:59Türkmenistanyň wekiliýetiniň 25-28-nji aprelde Germaniýa federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda türkmen-german ykdysady forumyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa habar berdi.
Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz Owganystanyň üsti bilen Pakistana iberilip başlandy
01.05.23 - 16:56«Ýasir Basir» halkara firmasy Türkmenistandan awtomobil ulagy arkaly suwuklandyrylan nebit gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana iberip başlady.
OPEK+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit çykarylyşy meýletin günde 1,2 mln barrel azaldýarlar
01.05.23 - 16:57OPEK+ bileleşigine girýän ýurtlaryň birnäçesi 1-nji maýdan başlap hyzmatdaşlary bilen ylalaşyklarynyň çäklerinde öz borçnamalaryna goşmaça nebitiň çykarylyşyny meýletin azaldýar we bu çägi 2023-nji ýyla çenli saklap galar diýip, Interfaks habar berýär.
Dubaýda OGT-2023 Halkara forumy täze hyzmatdaşlary ýüze çykardy, hyzmatdaşlyk üçin täze serhetleri açdy
29.04.23 - 17:30Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-27-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen halkara forum dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini jemledi we nebitgaz pudagy üçin täze hyzmatdaşlary ýüze çykardy, bar bolan aragatnaşyklary giňeltmek üçin täze sepgitleri açdy. Bu barada göçme foruma gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmesinde aýdylýar.
«Türkmengaz» DK-nyň pudaklaýyn instituty kükürti zyýansyzlandyrmagyň oňyn usullaryny işläp taýýarladylar
30.04.23 - 04:12Türkmenistanyň känlerinde tebigy gazy çykarmak prosesinde galýan kükürdiň uly möçberlerini zyýansyzlandyrmak meselesiniň oňyn çözgütlerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri işläp düzdüler. Bu barada YBI-niň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow 26-27-nji aprelde Dubaýda geçirilen Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda eden çykyşynda belledi.
«Galkynyş» käninde tebigy gazyň ýyllyk çykarylyşy 200 mlrd kub metre deň bolar
27.04.23 - 21:30Ägirt uly «Galkynyş» gaz käninden tebigy gazyň akymyny ýylda 200 milliard kub metre ýetirmek meýilleşdirilýär. Şunuň ýaly görkezijä ýetmek ony ulanmagyň ähli 7 tapgyrynyň ýerine ýetirilmegi bilen mümkin bolar. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýum çekmek boýunça Dubaýda geçýän forumda aýtdy.