Türkmenistanyň wekiliýeti BSG girmek boýunça Ženewada gepleşikleri geçirdi
15.03.23 - 23:39Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG), Halkara söwda merkeziniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Türkmenistanyň we BAE-niň ýokary wezipeli wekilleri Dubaýda Halkara maýa goýum roud-şouwa gatnaşar
15.03.23 - 23:39Häzirki wagtda 26-27-nji aprelde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şoua taýýarlyk işleri dowam edýär. Forumy guramaçylaryň habar bermegine görä, oňa gatnaşmak meýillerini eýýäm, Türkmenistanyň, şeýle hem BAE-niň Hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri tassykladylar.
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň kompaniýalary «ýaşyl» energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
15.03.23 - 23:37Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň hem-de Beýik Britaniýanyň ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda maslahatlaşyldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Instagram sahypasynda habar berýär.
Prezident iri desgalaryň gurluşygynyň hiline we möhletlerine gözegçilik etmegi Hökümet agzalaryna tabşyrdy
14.03.23 - 20:50Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda degişli iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna we ulanmaga tabşyrylmagyna, degişlilikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine gözegçilik etmegi tabşyrýan Buýruga gol çekdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda «Türkmennebit» DK-nyň önümleri uly islegden peýdalandy
14.03.23 - 20:48Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Dubaýdaky roud-şou Türkmenistanda uglewodorodlary işläp taýýarlamakdan başlap, «ýaşyl» energetika çenli taslamalary hödürlär
14.03.23 - 20:482023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-niň Dubaý şäherindäki “Hyatt Regency” myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler. Roud-şounyň guramaçylaryň hatarynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.
Prezident: Dubaýda geçiriljek roud-şou Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmekde möhüm ähmiýete eýedir
13.03.23 - 23:16Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaýda geçiriljek roud-şouwyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan ikinji utgaşykly elektrik stansiýasy gurlar
14.03.23 - 00:26Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklibi makullady. Bu barada teklibi geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanyna ýetirdi.
Birža söwdalarynda ýangyjyň dürli görnüşleri ýokary islegden peýdalanýar
10.03.23 - 22:56Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet-haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 28,4 mln dollar we 32,6 million türkmen manadyna barabar bolan 29 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär. Geleşikleriň umumy bahasynyň agramly bölegi ýangyjyň dürli görnüşlerine harçlandy.
Türkmen telekeçileriniň önümi bolan «GM OIL» motor ýaglary bazara çykýar
10.03.23 - 22:55Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Geljege Miras» hususy kärhanasy ýeňil we ýük awtoulaglary üçin motor ýaglarynyň önümçiligini özleşdirdi we eýýäm bu önümiň ilkinji tapgyrlaryny daşary ýurtlara iberdi.
Türkmenistanda köp çagaly eneleri sylaglamak dabaralary geçirildi
09.03.23 - 20:03Türkmenistanda 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleri sylaglamak dabaralary geçirildi.
Owganystan TOPH gaz geçirijisi boýunça işlere başlamaga taýýar — HBS
10.03.23 - 00:37Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri başlamaga taýýarlygy barada Owganystanyň şahtalar we nebit ministrligi habar berdi diýip, BaaghiTV pakistan agentligi ýetirýär.
Aşgabat we Daşkent ulag, nebitgaz we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär
07.03.23 - 20:50Duşenbe güni Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 17-nji mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda «Türkmennebit» we «Türkmengaz» DK-nyň önümleri ýerlenildi
07.03.23 - 20:50Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Nebitgaz toplumynda şu ýylyň iki aýynyň jemlerine garaldy
06.03.23 - 20:38Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 3-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.