Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdy
30.06.22 - 16:28Sişenbe güni Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 29-njy iýunda Aşgabatda boljak VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy.
Fransiýa nebit öndüriji ýurtlary önümçiligini artdyrmaga çagyrdy
28.06.22 - 19:49Fransiýa bahalaryň artmagynyň dowam etmeginiň çäklerinde nebit öndüriji ýurtlary onuň önümçiligini artdyrmaga çagyrdy diýip, Interfaks fransuz habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.
Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylary Aşgabatda VI Hazar sammitine taýýarlygy maslahatlaşar
28.06.22 - 19:50RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow sişenbe güni Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrlerinň 29-njy iýunda Aşgabatda Altynjy Hazar sammitine taýýarlyk meselelerine bagyşlanan duşuşygyna gatnaşar diýip, Interfaks habar berýär.
400 töweregi hünärmen Seýdiniň NGIZ-niň okuw mekdebini tamamlady
28.06.22 - 19:51400 töweregi talyp şu ýylda Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň №15 ýörite tehniki okuw mekdebini tamamlady diýip, Jeyhun.news neşiri habar berýär.
«Türkmennebit» DK nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmak maksady bilen, HHR-niň kompaniýasy bilen şertnama baglanyşar
28.06.22 - 02:49«Türkmennebit» döwlet konserni Hytaýyň nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlar kompaniýasy bilen guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşdylar. Bu Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasynda göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan «Dragon Oil» kompaniýasy bilen bilelikde Hazar deňzindäki känleri özleşdirmek işini çaltlaşdyrmagy meýilleşdirýär
28.06.22 - 02:50Türkmenistanda Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek, hususan-da, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda «Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmek babatda çäreler görülýär. Bu barada geçen anna güni hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Şahym Abdrahmanow hasabat berdi.
Hökümet mejlisinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk meselesi maslahatlaşyldy
28.06.22 - 02:5129-njy iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk meseleleri geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň alymlary «Derweze» kraterini göz astyna almagyň usulyny işläp düzdüler
24.06.22 - 20:30«Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň alymlary indi altynjy onýyllygyň dowamynda ýanmagyny dowam edýän «Derweze» kraterinde gaz çykmasyny gözegçilige almagyň usulyny işläp düzdüler. Bu barada bu institutyň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahatynda eden çykyşynda belläp geçdi.
Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýyrmagy meýilleşdirýär
24.06.22 - 20:26Bu maksatlara ýetmeklik Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatnamada göz öňünde tutuldy. Bu maksatnama Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň çäklerinde ýerine ýetiriler. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda geçirilen «Uglewodorodlary çykarmagyň ekologiýa jähtleri» Halkara ylmy maslahatynyň barşynda habar berildi.
BMG «ýaşyl» tehnologiýalary özleşdirmekde Türkmenistana ýardam etmäge taýýar
24.06.22 - 20:27Birleşen Milletler Guramasy we onuň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) «ýaşyl» tehnologiýalary özleşdirmekde Türkmenistana ýardam etmäge we global energetiki geçiş döwründe aktual bolan ylmy maglumatlaryň ählisine elýeterlilik hödürlemäge taýýar.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy AÖB-niň täze wekili bilen TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek meselesini maslahatlaşdy
24.06.22 - 20:28Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze Direktory Artur Andrisýagyň arasynda penşenbe güni geçirilen duşuşykda Aziýa Ösüş Banky bilen özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Uglewodorodlary çykarmagyň ekologiýa jähtler we «ýaşyl» energetika geçiş — maslahatyň üns merkezinde
23.06.22 - 18:21Şu gün irden Aşgabatdaky «Ýyldyz» otelinde «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» Halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Maslahat «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan guralýar.
29-njy iýunda Aşgabatda VI Hazar sammiti geçiriler
23.06.22 - 20:4529-njy iýunda Aşgabatda VI Hazar sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň öň ýanynda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçiriler. Onuň barşynda diplomatlar bäş döwletiň Liderleriniň duşuşygynyň gün tertibine ýene-de bir gezek gararlar. Bu barada çarşenbe güni RF-niň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa brifingde habar berdi.
Suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça Naýyp toplumy meýilnamadan öňde barýar
23.06.22 - 02:06Şu ýylyň gezen bäş aýynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebap» suwuklandyrylan gaz önümçiligi müdirligi boýunça suwuklandyrylan gazyň 47,3 müň tonnasyny öndürdiler. Meýilnama 105,8% ýerine ýetirildi. Eksporta 46,4 müň tonnadan gowrak harytlyk önüm iberildi.
Aşgabatda Halkara maslahatyna gatnaşyjylar uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtlerini maslahatlaşarlar
23.06.22 - 15:1223-nji iýunda türkmen paýtagtyndaky «Ýyldyz» otelinde «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahaty geçiriler. Maslahat «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan guralýar.