Pakistanyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler
21.06.22 - 17:16Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti we Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatlarynda Günorta we Merkezi Aziýada bilelikdäki energetika taslamalaryny ilerletmäge gyzyklanmalary hakynda beýan etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti we CNPC-niň ýolbaşçysy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
21.06.22 - 17:17Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýunyň arasynda duşenbe güni geçirilen duşuşykda gaz ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Geljekde Türkmenistan bilen gaz ulgamynda uzakmöhletleýin özara gatnaşyklar üçin ähli tagallalary ederis — CNPC-niň ýolbaşçysy
20.06.22 - 19:48Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde täze desganyň ulanmaga berilmegi her bir hytaý we türkmen hünärmenleriniň her biri üçin ýatdan çykmajak wakadyr. Bu barada Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýun Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde täze gaz toplaýjy bekediň ulanyşa girizmek dabarasynyň barşynda eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyşyna gatnaşdy
20.06.22 - 19:50Geçen şenbe güni Lebap welaýatyna toý sabarynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri Ýewropanyň energetikasy üçin «halasgär» bolup bilmez, gaz ätiýaçlandyrmasy zerur — «Gazpromyň» ýolbaşçysy
17.06.22 - 22:33Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri Ýewropanyň energetikasy üçin «halasgär» bolup bilmez diýip, «Gazpromyň» müdirliginiň başlygy Alekseý Miller Peterburg halkara ykdysady forumy – 2022-niň çäklerinde (PHYF-2022) «Dünýäniň nebit we gaz bazary: şu gün we ertir» sessiýasynyň çäklerinde belledi. Muny Interfaks ýetirýär.
Wood Mackenzie: Brent nebitiniň bahalary baryp 2025-nji ýylda 85-90 dollara düşer
17.06.22 - 22:34Dünýä bazarlarynda ibermeleriň üýtgemegi bilen baglylykda nebitiň bahalary ýakyn ýyllarda ýokary bolmagynda galar, onuň bahalaryna hatda islegiň mümkin bolan pese gaçmasy-da täsir edip bilmez. Bular ýaly çaklamany Wood Mackenzie-niň analitikleri berýär diýip, Interfaks habar berýär.
PHYF: Türkmenistan energetika we ulag ulgamlaryny GDA-nyň çäginde goşulyşmagyň ileri tutulýan ugurlary hasaplaýar
18.06.22 - 01:47Energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk GDA-nyň çäklerinde goşulyşmagyň strategiki ugurlary bolup biler. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeli Serdarow penşenbe güni Peterburgda geçýän Halkara ykdysady forumynda aýtdy. Muny Orient agentligi habar berýär.
Tähranda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
17.06.22 - 02:16Geçen çarşenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda iki ýurduň Hökümet wekiliýetiniň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen bu ýurda bardy. Gepleşikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy, ulag we energetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meseleler gepleşikleriň özenini düzdi.
Türkiýe 2022-nji ýylda gazyň sarp edilişiniň artjagyna ynam bildirýär
17.06.22 - 02:17Türkiýe 2021-nji ýylda nobatdaky rekord görkezijä – 60 mlrd kub metre ýetenden soň, 2022-nji ýylda tebigy gazyň sarp edilişini artdyrar. Bu barada penşenbe güni Peterburg halkara ykdysady forumynyň barşynda Türkiýäniň energetika ministriniň orunbasary Alparslan Baýraktar belledi diýip, Interfaks habar berýär.
Aşgabat we Tähran özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär
17.06.22 - 14:17Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bolmagy we iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň düýpli artmagynyň möhümligi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasynda bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýrana resmi sapary başlandy
15.06.22 - 21:40Sişenbe güni, 14-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi duşuşygy geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanyna resmi sapar amala aşyrar
14.06.22 - 15:59Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly çäreler maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
ECO-93 kysymly awtobenzin TDHÇMB-niň söwdalarynda ö hatarda boldy
15.06.22 - 15:20Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
«Türkmengaz» DK «Altavista F.Z.C» (BAE) kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
14.06.22 - 15:36«Türkmengaz» döwlet konsernine himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder
14.06.22 - 15:37Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa resmi saparynyň barşynda gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamada bellenilýär.