Owganystanyň Prezidenti halkara syýasy giňişliginde Owganystana goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi
11:31 01.12.2020 6878
OYR-nyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani halkara syýasy giňişliginde Owganystana pugta we yzygigedrli goldaw berýändigi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Iki döwletiň Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Hususan-da, 2020-nji ýylyň 23-24-nji noýabrynda Ženewada geçirilen Owganystan boýunça halkara maslahatynyň barşynda türkmen tarapynyň eýeleýän işjeň ýörelgesi nygtaldy. Bu forumda Türkmenistan Merkezi Aziýany Aziýa-Ýuwaş umman sebiti bilen baglanyşdyrýan iri energetiki we ulag-kommunikasiýa taslamalaryna degişli öňe süren başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde gazanylýan ösüşleri belläp, geljekde düzümleýin taslamalaryň ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şunda TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistandan owgan ugruna demir ýolunyň çekilmegi ýaly taslamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň anyk maliýe we maddy taýdan goşýan goşandy nygtaldy.
Türkmen hem-de owgan halkaryny gadymdan gelýän doganlyk,birek-birege hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigi bellenildi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklar, şol sanda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Şeýle hem söhbetdeşler Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Munuň özi Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň, Ýewropanyň döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer hem-de şol birwagtyň özünde sebitiň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam eder.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.