«Türkmengaz» DK-nyň ileri tutýan ugurlary: turba geçiriji gazyny eksport etmekden başlap, ony çuňlaşdyryp gaýtadan işlemeklige çenli
19:21 01.12.2020 8135
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň binýadynda durnukly ösüş arkaly parahatçylygy berkitmeklik ýatyr. Munuň özi bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi, halkara gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmegi maksat edinýän ýurdumyzyň diplomatiýasynyň esasy düzümleriniň biri. Bu barada Döwlet ministri, «Türkmengaz» DK-nyň başlygy Batyr Amanowyň «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahatynda eden çykyşynda bellenilip geçilýär. Maslahat şu gün Aşgabatda şäherinde açyldy.
B.Amanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan milli ykdysadyýeti ösdürmekde we iri halkara taslamalaryna işjeň gatnaşmakda ýokary depginlere eýe boldy. Munuň aýdyň subutnamalarynyň biri hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegidir. Taslama gatnaşyjylaryň we hyzmatdaşlarynyň pikirine görä, ol sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer.
Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň 214 kilometrlik türkmen böleginde gönüleýin bölekleri oturtmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gaz geçirijiniň umumy uzynlygy 1840 kilometr, taslama kuwwaty blsa ýylda 33 mlrd kub metre deň, diýip ministr belledi.
Amanowyň bellemegine görä, häzirki wagtda türkmen gazynyň import ediji iri import ediji döwlet Hytaýdyr. Türkmenistan – Özbegistan- Gazagystan – Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç şahasy (A. B we Ç) boýunça ýylda 40 mlrd kub metr töweregi «mawy ýangyç» eksport edilýär. Gaz geçiriji 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanyşa girizildi. Geljekde bu möçberleri 65 milliard kub metre çykarmak meýilleşdirilýär.
«Türkmengazyň» ýolbaşçysynyň bellemegine görä, Türkmenistan şeýle hem gaz geçiriji arkaly Russiýa Federasiýasyna gaz iberýär, şeýle hem günorta ugurda «mawy ýangyjy» ibermek üçin zerur bolan ähli tehniki mümkinçiliklere we serişdeler binýadyna eýedir.
Turba geçiriji arkaly tebigy gazy eksport etmek bilen bir hatarda, Türkmenistan häzirki wagtda ony çuňlaşdyryp gaýtadan işlemeklige hem aýratyn üns berýär. Munuň özi geljekde ýurduň ykdysadyýetinde esasy ugur bolup biler, diýip B.Amanow belledi.
Soňky ýyllarda ýurtda birnäçe gazhimiýa toplumlary ulanyşa girizildi, ýakynda wagtda bolsa, ýene-de birnäçe täze zawodlary gurmak meýilleşdirilýär. Bu zawodlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri öndürer, diýip «Türkmengaz» DK-nyň başlygy belledi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.