Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
09:52 17.12.2020 8568
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow, Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri N.Suhanow we beýlekiler çykyş etdi.
Çykyşlarda döwlet Baştutanynyň täze kitabynyň neşir edilmeginiň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolandygy nygtaldy. Öz içinde Türkmenistanyň taryhy hem häzirki ösüşi barada giňişleýin maglumatlary saklaýan bu eser ylmy hem taryhy nukdaýnazardan dünýä jemgyýetçiligi üçin baý çeşme bolup durýar. Kitap 10 bölümden ybarat bolup, olarda türkmen bitaraplygynyň taryhy, halkara syýasy we ykdysady proseslerde onuň orny, şeýle hem ynsanperwer we medeni gatnaşyklary berkitmekde ähmiýeti barada maglumatlar saklanýar.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, owadan bezegli täze neşirde döwlet Baştutany parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, adalatlylyga we raýdaşlyga çagyryş edýän köp sanly parasatly jümleleri getirýär. Munuň özi hemişelik bitaraplygyň ýörelgeleri we umumymilli gymmatlyklarymyz bilen ugurdaşdyr.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.