“Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desga ulanyşa girizildi

22:01 18.01.2021 13479

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1469/original-1600199a2e9a28.jpeg

15-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Täze desganyň ulanyşa girizilmegi mynasybetli bu ýerde maslahat geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş etdi. Gurbanguly Bedimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň syýasatymyz ýurdumyzyň uly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ulanmakdyr.

Maslahatyň barşynda şeýle hem  “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň baş direktory Li Şulýan çykyş etdi. Onuň belleýşi ýaly, gazgysyjy desganyň ulanyşa girizilmegi Türkmenistanyň halkara bazarlaryna tebigy gaz eksport mümkinçiliklerini has hem giňelder.

Ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan desgada ygtybarly enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyryldy. Häzirki wagtda HHR türkmen tebigy gazyny iň iri import ediji bolup durýar. Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý halkara turbageçirijisine milliardlarça kub metr energetiki çig maly akdyrylýar.

Bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar --“Petro Gas LLP” (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde amala aşyryldy. Gaz gysyjy enjamlar dünýäde meşhur “Dresser-Rand S.A.” kompaniýasy (Fransiýa) tarapyndan getirildi. Döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen 60-a golaý täze iş orny dörär.

Umumy meýdany 12 gektara golaý bolan täze beketde gaz gysyjy enjamlar toplumyndan başga-da, sowadyjy we arassalaýjy desgalar, ýokary hem-de pes basyşly fakel hojalygy, azot we kislorod öndürýän stansiýa, ätiýaçdaky dizel elektrik stansiýasy ýerleşýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde merkezi dolandyryş operator hem-de mehaniki bejeriş we ýangyn howpsuzlyk binalary, edara binasy, ýangyna garşy suw howuzlary göz öňünde tutuldy.

Bu ýerde guýularyň önüm berijiligini artdyrmakda, käniň tebigy gaz goruny has doly peýdalanmakda işe girizilýän täze desganyň ähmiýeti örän uludyr. Täze gurlan desganyň «A» we «B» önümçilik sehleri bolup, «A» sehiniň wezipesi «Malaý» gaz känini doly özleşdirmekden ybaratdyr. «B» sehi bolsa, «Galkynyş» we «Döwletabat» känleriniň gazyny «Malaý – Bagtyýarlyk» gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenendir.

Bu täze desgada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen 6 sany kuwwatly gaz gysyjy enjamlar toplumy oturdyldy. Şol enjamlar kämil awtomatlaryň we kompýuterleriň üsti bilen dolandyrylýar.

Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Bu günki gün bu ýerde 91 sany guýy hereket edýär. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desgalary «mawy ýangyç» bilen üpjün etmän, eýsem, asyrymyzyň iri taslamasy bolan Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär.

Başga makalalar
1621336247ceb6.jpeg
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.


168258238a10cf.webp
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri Malaýziýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen täze hyzmatdşalyk şertnamalaryny baglaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň “ADNOC Türkmenistan RSC Limited” kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.


16826dbbec67a1.jpg
Türkmenistan Kazanda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Milli pawilýonyny hödürledi

Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisi geçirilýär. Sergä Türkmenistan Milli pawilýony gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.


16213368c5d4c9.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär

Geçen şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.


1669e8d53a79ef.jpg
Nebitgazçy türgenleriň üstünligi

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň erkin göreş boýunça türgenleri, Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Afis Weliýewiň taýýarlamagynda, iýul aýynyň 5 — 7-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde birnäçe döwletiň gatnaşmagynda «Kaýrat Buhanow» ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen erkin göreş boýunça ýaryşa gatnaşdylar.