«Gazprom» 2035-nji ýyla çenli Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrmak isleýär
11:03 04.02.2021 7861
“Gazprom” 2020-2035-nji ýyllar aralygynda Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini 5,5 milliard kub metre çenli artdyryp biler. Bu barada Russiýanyň gaz pudagyny 2035-nji ýyla çenli ösdürmek boýunça baş meýilnamanyň taslamasyna salgylanyp “TASS” agentligi çarşenbe güni habar berdi.
Meýilnama laýyklykda, 2021-nji ýylda Merkezi Aziýadan Russiýa Federasiýasyna eksport edilýän gazyň möçberini 26,6 milliard kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Geçen ýyl deslapky çaklamalara görä, Merkezi Aziýadan satyn alnan gazyň eksport möçberi 26 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistandan Russiýa “mawy ýangyjyň” ugradylmagy 2019-njy ýylda 4 milliard kub metr deň boldy. Özbegistandan 2019-njy ýylda 7,7 milliard kub metr gaz we Gazagystandan bolsa 14,2 milliard kub metr gaz satyn aldy.
Şeýle hem, eksport edilýän rus gazynyň bahasy 2025-nji ýylda 1000 kub metr üçin 146 ABŞ dollaryndan 211 ABŞ dollary aralygynda boljakdygy bellenildi.
“Gazprom” 2020-nji ýylda daşary ýurtlara 179,3 milliard kub metr gaz eksport etdi. Agentligiň habar berşi ýaly, pandemiýa döwründe görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 10% azaldy.
Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dördünji orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurduň gaz gorlary 50 trillion kubmetrden gowrak möçberde bahalandyrylýar.
Öň habar berşimiz ýaly, 2020-nji ýylyň 9 aýynda «Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberlerini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 mlrd kub metre çenli artdyrdy.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň 3 çärýeginde «Gazprom» Gazagystandan satyn alýan tebigy gaz möçberlerini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,2 mlrd kub metrden 5,1 mlrd kub metre çenli azaltdy. 2020-nji ýylyň başyndan bäri «Gazprom» Özbegistandan tebigy gazy asla satyn almady diýen ýaly.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.