Prezident: Türkmenistan YHG ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmegi meýilleşdirýär

23:12 06.03.2021 5082

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1789/original-16041d1881d38d.jpeg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy. Sammitiň barşynda YHG başlyklyk etmeklik Türkiýeden Türkmenistana geçirildi.

Samtide eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurama başlyklyk etmeginde ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmegiň üstünde hyzmatdaşlarymyz bilen anyk işleri alyp barmagy göz öňünde tutýarys. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen tarapy EKO-nyň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň toplumlaýyn mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýar.

Türkmenistan EKO-nyň sebitinde ykdysady ugurlary döretmegiň üstünde işläp başlamagy teklip edýär. Biz bu ugurlary harytlaryň, hyzmatlaryň hereket edýän, maýa goýumlaryň amala aşyrylýan esasy durnukly ulgamy hökmünde görýäris. Senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalary amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň örän möhüm bölegi hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutany nygtady. Bu ugurda üstünlikli amala aşyrylan taslamalara mysal hökmünde ýanwarda Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegini, Owganystanda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol böleginiň açylmagyny, Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan), şeýle hem Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegini muňa has täze mysallar hökmünde görkezmek bolar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz EKO-nyň beýleki ýurtlarynyň gatnaşmagynda dürli ugurlarda şular ýaly giň gerimli we köptaraply taslamalary amala aşyrmak barada pikirlenmegi teklip etdi. Şunuň bilen birlikde, biz Gündogar — Günbatar ugry boýunça, Aziýa–— Ýuwaş umman sebitinden kontinentiň Ýewropa bölegine, Ýakyn Gündogar tarapa utgaşdyrylan ulag geçelgelerine aýratyn üns bermäge çagyrýarys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip edýär. Sebäbi Hazarýaka döwletleriň bäşisinden dördüsi EKO-nyň agzasy bolup durýar. Şuny göz öňünde tutup, Hazar deňziniň üsti bilen günbatar we demirgazyk ugurlara, Gara hem-de Baltika deňizleriniň portlaryna işjeň çykmalydyrys.

EKO-nyň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmäge, biziň döwletlerimiziň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge hem möhüm wezipe hökmünde seredýäris. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurýar. Munuň özi oňaýly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysalydyr.

Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugurlary boýunça elektrik energiýasyny ibermegiň taslamasyny amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Gurbanguly Berdimuhamedow EKO sebitiniň içinde hem, onuň çäklerinden daşary çykýan goşmaça energetika ugurlaryň hem zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany şu ugurda guramanyň kontinentde beýleki döwletara birleşikler bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen maksada gönükdirilen gatnaşyklary ýola goýup biljekdigini nygtady. Bu birleşikleriň strategik babatda bähbitleri EKO-nyň bähbitleri bilen özara peýdaly we deňhukukly esasda laýyk gelip bilerdi.

Türkmen Lideri owgan topragynda pugta parahatçylygy we ylalaşygy berkarar etmegiň örän möhüm şerti hökmünde Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek işine ýurdumyzyň möhüm ähmiýet berýändigini aýratyn belledi. Türkmenistan onuň ykdysadyýetini dikeltmekde, energiýa üpjünçilik, ulag, aragatnaşyk ulgamlarynda, durmuş maksatly desgalary gurmakda bu doganlyk ýurda kömek berýär we kömek bermegini dowam eder.

Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň indiki mejlisini 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde Aşgabat şäherinde geçirmegi hem-de daşary ýurtly kärdeşlerine duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna sapar bilen gelmegi teklip etdi.

Başga makalalar
161f0f47c60a6e.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyň ibermelerini artdyrmak meselesini maslahatlaşmaga taýýar

Türkmenistan tebigy gazyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sammitde aýtdy.


161ef903530b70.jpeg
2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan Gruziýa awia ýangyç ibermekde lider boldy

2021-nji ýylda Gruziýa awiasion ýangyjyny ibermekde Türkmenistan birinji orny eýeledi diýip, Report agentligi Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşigine salgylanyp habar berýär. Geçen ýylda Türkmenistandan Gruziýa 57,7 müň tonna awiaýangyç iberildi.


161ef9088cfc3e.jpeg
TNGIZT-niň önümleri birža söwdalarynda esasy orny eýeleýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.


161f0d98d4b3bc.jpeg
«Marygazüpjünçilik» müdirligi welaýatyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik bölümleriniň gazçylary tutuş ýylyň dowamynda Mary welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça çäreleri yzygiderli ýerine ýetirýärler. Gaz hojalyk kärhanalarynyň ýokary hilli taýýarlygy gaz üpjünçilik ulgamynyň gyş möwsüminde ygtybarly işlemegine ýardam edýär.


161ef8fd5a34f7.jpeg
Türkmenistanyň, Pakistanyň we Hindistanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistandan kärdeşi Subramanýam Jaýşankar we Pakistandan Şah Mahmud Kureýşi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.