Gurbanguly Berdimuhamedow: ösüşiň gazanylan depginlerini saklap galmak wajypdyr
12:22 11.03.2021 9539
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň işiniň 2021-nji ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça netijeleri ýurdumyzyň ýokary depginlerde ösmegini dowam edýändigine şaýatlyk edýär. Gazanan ösüş depginimizi peseltmän saklap galmak biziň üçin has hem möhümdir. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçiren Hökümet mejlisinde oňa gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Ykdysadyýetimizde jemi içerki önümiň görkezijisi ýylyň başyndan bäri 5,9 göterim, oba hojalygynda hem ösüş depgini 3,1 göterim derejede saklanýar. Bu görkeziji söwdada 12,8, ulag-aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterim boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan dürli desgalaryň gurluşygynyň giň gerim bilen amala aşyrylýandygyny belledi. Bularyň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalardyr. Umumy bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan gurluşyk işlerini ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalarynyň ýerine ýetirýändigi aýratyn ýakymlydyr.
Emma häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlary nazara alanyňda, gazanan ösüş depginimizi peseltmän saklap galmak biziň üçin has hem möhümdir diýip, türkmen Lideri nygtady.
Ýaňy-ýakynda ähli pudaklarda bar bolan kemçilikler düýpli seljerildi, olary düzetmek üçin hökmany ýerine ýetirilmeli çäreler bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti mundan beýläk-de syýasy we ykdysady reformalary geçirmegiň, bilim, saglygy goraýyş, sanly ulgam we ekologiýa ugurlarynda özgertmeleri amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.
Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary, aýratyn-da, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenen wise-premýerler häkimler bilen bilelikde özgertmeleriň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamalydyr.
Prezident şeýle hem döwlet edaralarynyň sanly ulgama goşulmagyny, dürli döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmegi çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň içinde halkalaýyn energetika ulgamyny döretmek hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça iri taslamalary çalt tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, olaryň amala aşyrylmagynyň uly tagallalary we ähli işleriň talabalaýyk guralmagyny talap edýändigini nygtady.
Şeýle hem wise-premýere gurluşyk we senagat pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlaryny köpräk çekmek, garamagyndaky kärhanalary hususylaşdyrmak baradaky meseleleriň üstünde işlemek tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ähli aýdylanlary seljermek hem-de zerur çäreleri görmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, dünýä ykdysadyýetindäki we goňşy ýurtlardaky ýagdaýy seljerip durmak wajypdyr. Şundan ugur alyp, şu ýyldaky görkezijilere düzediş girizmek hem-de garaşylýan çaklamalary taýýarlamak möhümdir. Umuman, dünýä ykdysadyýetinden ugur alyp, indiki hepdede ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklaryndaky ýagdaýlar ýene-de bir gezek seljeriler diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.