Mary welaýatynyň daýhanlary tebigy gaz bilen üpjün edilýär

12:21 11.03.2021 7496

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1818/original-1604872d1ecdb7.jpeg

Türkmenistanyň Mary welaýatynda oba ýerleriň ilatly nokatlaryny gaz bilen üpjün etmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň başyndan bäri «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Mary welaýatynyň ilatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň  gazçylarynyň tagallalary bilen uzynlygy 4074 metr bolan ýokary we orta basyşly gaz geçirijisi guruldy.

Mundan başga-da, hereket edýän gaz geçirijileri abatlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Bu işlerde ýokary jebisligi bilen tapawutlanýan we ýokary basyşa çydamly polietilen turbalary ulanylýar. «Tüekmenturba» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu önümi «Marygazüpjünçilik» müdirligine yzygiderli ýetirilýär.

Bu günki gün Sakarçäge etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginde orta basyşly gaz geçirijini abatlamak boýunça işler öz wagtynda tamamlandy. Türkmengala etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň Hasyl obasynda orta basyşly getiriji gaz geçirijisiniň düýpli abatlaýyş işleri amala aşyryldy.

Häzirki wagtda Wekilbazar etrabynyň «Garaşsyzlyk» daýhan birleşiginiň çäginde ýokary basyşly gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu ýerde oturdylan turbalaryň diametri 315 mm, uzynlygy 2000 metre ýetýär. Gurluşyk meýdançasynda döwrebap gurluşyk tehnikalary ulanylýar, gurluşyk işlerine öz işini ýokary derejede we bellenilen möhletde ýerine ýetirýän tejribeli gurluşykçylar we gazçylar gatnaşýar.

Başga makalalar
166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


164d86274290ea.jpg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.