Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady
10:25 30.03.2021 7599
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady. Degişli resminama döwlet Baştutany anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Bu resminama Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda gazaylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek, şeýle hem iki ýurduň özara gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen kabul edildi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Döwlet Baştutanynyň garamagyna bu Kararyň taslamasy hödürledi.
Wise-premýer şeýle hem gazhimiýa toplumyny ösdürmek, şol sanda tebigy hem-de ugurdaş gazy öndürmek boýunça zawodlary gurmak, ylmy taýdan öňdebaryjy gazananlary we kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtly ygtybarly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň energetika strategiýasynyň ägirt uly tebigy serişdeleriniň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ylmy-tehniki serişdelerini netijeli ulanmaga gönükdirilendigini belledi. Täze döwrebap nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleriň döredilmegi bu ulgamda öňde durýan wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir. Şol önümçilikler ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmelidir.
Döwlet Baştutany nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde nebitgaz senagatynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.