Si Szinpin Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşar

14:51 23.04.2021 25801

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2069/original-1607fcbaebab8f.jpeg

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýtdy diýip, HHR-iň Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatyny neşir eden «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

«Hormatly jenap Prezident! Siziň kakaňyzyň aradan çykmagy zerarly meniň çuňňur gynanjymy kabul ediň. Size we Siziň maşgala agzalaryňyza tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerimi hem-de öwezini dolup bolmajak ýitgi zerarly goldawlarymy beýan edýärin.

Biziň üçin amatly wagtda Siz bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirip, hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ilerletmek üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri boýunça pikir alyşmaga taýýardyryn» - diýip Si Szinpin hatynda belleýär.

Başga makalalar
166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


164d86274290ea.jpg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.