Ýanwar-aprel aýlarynda SNGIZ-de 158,4 müň tonna nebit önümleri öndürildi

11:08 28.05.2021 21122

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2271/original-160adf3f46d858.jpeg

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda işleriň netijeleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hasabat döwründe bu ýerde 158,4 müň tonnadan gowrak nebit önümleri öndürilip, şolardan 76,4 müň tonna benzin, 47,3 müň tonna dizel ýangyjy, 11,5 müň tonnadan gowrak ýol bitumy, 12,7 müň tonna wakuum gazoýl bar. Şol bir wagtda meýilnama 105,4% ýerine ýetirildi.

Geçen döwürde kärhana gaýtadan işlemek üçin 150 müň tonna çig mal getirilip, şolardan 98,2 müň tonnasy gaz kondensatyndan ybaratdyr. Çig mal suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça Lebap müdirliginden we beýleki kärhanalardan getirilýär.

Belläp geçsek, soňky wagtlarda kärhana çig malyň ýetirilişi gowulandyryldy. Çig mal demir ýol ugurlary, şeýle hem önüm iberijileriň üsti bilen ýetirilýär. Mundan başga-da, zawodda ösen ulag ulgamy bar.

Bu iri senagat kärhanasynda işçileriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda Seýdi şäherinde 24 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Ýaşaýyş jaýyny ýylyň ahyrynda ulanyşa tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Başga makalalar
166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


164d86274290ea.jpg
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär

Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.