Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň işiniň netijeleri jemlenildi
19:25 08.06.2021 6149
Geçen anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy, nebiti gaýtadan işlemek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler we ýetilen sepgitler barada hasabat berildi. Benziniň önümçiligi boýunça meýilnama 112,8 göterim, dizel ýangyjynyň önümçilik meýilnamasy 100,3 göterim, polipropileniň önümçilik meýilnamasy 118,8 göterim, suwuklandyrylan gazyň önümçilik meýilnamasy 115,5 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 116 göterim, tebigy gazy eksport etmegiň meýilnamasy 123,7 göterim, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 117,7 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 20, 25, 30 mikrometr galyňlykdaky gaplama örtüklere goşmaça polipropilen örtüginiň ak sadap görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berdi. Polipropilen örtüginiň bu görnüşi süýji önümleri gaplamakda we sowgatlyk önümleriň daşyny örtmekde giňden ulanylýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şeýle görnüşdäki önümleriň her ýylda 2 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Ol içerki we daşarky bazarlara ugradylar.
Prezident hasabaty diňläp, nebit pudagynda alnyp barylýan işleri düýpli seljermegi tabşyrdy. Berlen tabşyryklara garamazdan, bu ugurda heniz öňegidişlikler duýulmaýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen ýerlerde köpräk bolup, pudaklarda bar bolan meseleleri çözmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýadarlaryny çekmek, daşary döwletleriň öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan iri nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilen örtükleriniň täze görnüşleriniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işjeň peýdalanylýandygyny belläp, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny köpeltmek, görnüşlerini artdyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Geçen şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we dizel ýangyjy öň hatarda boldy
Suwuklandyrylan gaz (her tonnasy 353 dollar) we Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy (her tonnasy 585 dollar) anna güni, 7-nji iýulda birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy.
«Türkmengaz» DK-nyň döredijilik topary «Altyn Garagöz» atly halkara bäsleşiginiň kümüş baýragyna mynasyp boldy
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» topary Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen «Altyn Garagöz» atly folklor tansynyň 36-njy halkara bäsleşiginde 2 orny eýelemegi başardy.
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri Malaýziýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen täze hyzmatdşalyk şertnamalaryny baglaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň “ADNOC Türkmenistan RSC Limited” kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.
Türkmenistan Kazanda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Milli pawilýonyny hödürledi
Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisi geçirilýär. Sergä Türkmenistan Milli pawilýony gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.